Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-4-nji aprelde Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammite gatnaşar. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.

Şol gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas arasynda bolan duşuşykda köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.