
Türkmenistanda 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi
Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2025-nji ýylyň 30-njy martynda belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta – duşenbe gününe geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.