Ygtyýarlylandyrylan ykdysady operator ulgamyny işe ornaşdyrmagyň meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda golaýda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanundan gelip çykýan talaplar, girizilen täze kadalaryň ýurdumyzyň daşary söwdasyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada pudagara maslahat geçirildi. Maslahata Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, jogapkär hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda esasan hem Gümrük kodeksine goşulan «Ygtyýarly ykdysady operator» atly täze babyň ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky pikir alyşmalar uly orun tapdy. Şunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary Ygtyýarly ykdysady operatorlar düşünjesi, onuň hukuk esaslary, olara bildirilýän talaplar, gümrük amallary geçirilende olar üçin göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeler, gümrük edaralary bilen Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara gatnaşygy, Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň işi boýunça halkara tejribesi barada maslahata gatnaşan daşary ykdysady işine gatnaşyjylara, şol sanda telekeçilere giňişleýin aýdyňlaşdyrma berdiler.
Maslahatyň barşynda Gümrük kodeksine täze babyň goşulmagy bilen bagly öňki hereket edýän kadalara girizilen üýtgetmeler, olardan gelip çykýan ýeňillikler, olardan peýdalanmagyň ugurlary aýdyňlaşdyryldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, olaryň ýurdymyzyň daşary söwdasyny ösdürmek bilen bir hatarda gümrük işini hem ösdürmekdäki ähmiýeti, Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar maslahata gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirildi.