Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi

28-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy, bu barada TDH habar berýär.