Türkmenistan «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistan Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Sergi 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriler.
Bu sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «EKSPO — 2027» sergisi bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.