Aprel aýynda Aşgabatda energetika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçiriler

Aprel aýynda Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.