Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durky täzelener

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullady. 28-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.