Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, amal eden ybadatlarynyň we ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.

Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler hem-de doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata doganlyk ýurduň wekiliýetiniň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan giň gerimli forumyň ähmiýetini belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, ylym-bilim, medeniýet, sungat we sport ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleri üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, türk halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň doganlyk ýurduň Baştutanynyň maşgalasy Emine Ärdogana mähirli salamyny ýetirmegi Prezident Rejep Taýyp Ärdogandan haýyş etdi, şeýle hem oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dogaýy salamyny ýetirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.