Aşgabat we Tiblisi çagalaryň saglygy ugrundaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa düýn «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze bilen hem duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa halkara foruma gatnaşandygy üçin Mihail Sarjweladzä minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny beýan etdi.

Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri şeýle ýokary derejeli wekilçilikli maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen halkara maslahatyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetine üns çekildi. Bu halkara forumyň netijeleriniň çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga badalga berjekdigine ynam bildirildi.