
Ermenistan türkmen gazynyñ geçirilmegi barada gepleşikleri alyp barýar
Ermenistan Türkmenistandan tebigy gazy satyn almak baradaky meselelere garaýar. Premýer-ministriñ geñeşçisi Artaşes Tumaýanyñ habar bermegine görä, Ýerewan "Türkmengaz" Döwlet konserni bilen gepleşiklere başlady.
Gazyñ geçirilmegi öz razylygyny bildiren Eýranyñ çäginden SWAP usuly arkaly amala aşyrmak meýilleşdirilýär diýip, "Armenpress" habar berýär. Tumaýanyñ aýtmagyna görä, 600 mln-dan 1 mlrd kub metr möçberinde gazyñ satyn alynmagy barada maslahatlaşylýar.
Mundan başga-da, türkmen gazynyñ Ermenistanyñ üsti bilen Gruziýa üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerine garalýar. Gruziýa, öz nobatynda, şeýle hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi. Bu taslamanyñ durmuşa geçirilmegi Gara deñiz basseýniniñ ýurtlaryny energiýa bilen üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Häzirki wagtda Ermenistan "Elekrtik energiýanyñ ýerine gaz" atly maksatnamanyñ çäklerinde Eýrandan gazy import edýär, onuñ gaz-ulag ulgamyny bolsa "Gazprom Ermenistan" kompaniýasy üpjün edýär.