
Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat şäherindeki täze howa menziliň gurluşygy bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde ir bilen Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi hem-de uzak möhletleýinliligi bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadag ulag-kommunikasiýa ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagynda we ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüş wezipelerini çözmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Şu pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadag soňky ýyllarda ýurduň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän raýatlar üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat Halkara howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary we olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary hem-de howa menziliniň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadag täze gurulýan howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalar bilen hem tanyşdy.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow Halk Maslahatynyň Başlygyna täze howa menziliniň gurluşygyny we binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ýerde täze howa menziliniň çäginde bar bolan uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen bina, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdany we terminaly hem-de başga-da birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, onuň ýokary hilli bolmagynyň we desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.
Gahryman Arkadag Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak we täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.
Biraz wagtdan Gahryman Arkadagyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli garşylanyldy.