
Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamagyň mukdary 417 müň tonnadan geçdi
Türkmenistanyň üsti bilen ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda belli boldy.
2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. «Сargolux» kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy.
«Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy» diýip, TDH habar berdi.