
Türkmenistan halkara ulag geçelgesini ösdürmegi dowam etdirýär
Türkmenistanyň çäginden Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmaga, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen birnäçe halkara forumlaryň geçirilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylda durnukly ulag ulgamyny döretmäge bagyşlanyp guralan ýokary derejeli halkara maslahat bar. Onuň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Şeýle-de 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalary kabul edildi.