Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç» atly ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasy bilen bilelikde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri, diplomatiýa akademiýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, diplomatik korpusyň, ylym we bilim edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan jar edilýän parahatçylyk, ynanyşmak we döredijilik taglymlarynyň Russiýada düşünilýändigini we goldawa eýe bolýandygyny biragyzdan bellediler.

Ylmy-amaly maslahatyň işi hakynda «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy we «Uly Aziýa» teleýaýlymy arkaly habar berildi.

Çäräniň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhyndaky möhüm pursatlary görkezýän, şeýle-de maslahata gatnaşyjylary türkmen halkynyň milli-medeni aýratynlyklary we özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan fotosergi guraldy.

Şeýle hem ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Prezidenti S.G. Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M. Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi bilen utgaşdyryldy – diýip, çeşmede bellenilýär.