
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy, Türkmenistanyň üstünden üstaşyr ýük daşamalaryň möçberi 417 müň tonnadan geçdi, türkmen zenan futbolçylarynyň Aziýa Kubogy – 2026 çempionatynyň saýlama tapgyryndaky bäsdeşleri mälim boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan howa menzili ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orny eýelär. Tanyşlygyň dowamynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy.
2. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýüküň umumy möçberi 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda habar berildi. Halkara ýük akymlarynyň ösdürilmeginde 2015-nji ýylyň aprelinde gol çekilen Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň iri howa ýollar düzümi bolan «Сargolux» kompaniýasy Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işini ýerine ýetirip başlady.
3. Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň, şol sanda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Bu taslamalar sebit we kontinental ähmiýetli möhüm ulag we logistika merkezi hökmünde dünýä giňişligindäki abraýyny berkitmäge ýardam edýär.
4. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwlet Seýitmämmedow Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy Eka Şoniýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň KHBS-leriniň hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.
https://turkmenportal.com/blog/89520/turkmenistan-i-gruziya-ukreplyayut-sotrudnichestvo-v-sfere-smi
5. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumito Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar durnukly ulag ulgamlaryny we raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Dünýäde
1. Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda ýene-de wulkan atylyp başlandy. Hünärmenler magmanyň ýer ýüzüne ýetip-ýetmejekdigini entek anyk aýdyp bilmeýärler. Ýerli häkimiýetler ilaty howply zolakdan eýýäm ewakuasiýa etdi, ýöne polisiýanyň habaryna görä, sekiz ýaşaýjy howp abanýandygyna garamazdan, öýlerini terk etmekden ýüz öwürdi. Soňky dört ýylda Reýkýanes ýarym adasynda sekiz gezek wulkan atyldy, olaryň bäşisi diňe geçen ýyl hasaba alyndy.
https://turkmenportal.com/blog/89519/vulkan-prosnulsya-na-poluostrove-reikyanes-v-islandii
2. Ak tamda, takmynan, 200 ýyl ozal ABŞ-nyň ýedinji prezidenti Endrýu Jekson tarapyndan ekilen magnoliýa agajyny aýyrmagy meýilleşdirýärler. Donald Tramp bu barada «Truth Social» sosial ulgamynda mälim etdi. Häzirki döwlet Baştutany bu karary agajyň «aýylganç ýagdaýy» we prezidentiň kabulhanasyna döredýän howpy bilen delillendirdi. Tramp geljek hepde magnoliýa agajynyň kesilmelidigini we onuň ýerinde täze «örän owadan agajyň» peýda boljakdygyny aýtdy. Prezident taryhy magnoliýa agajynyň töňňesiniň saklanjakdygyny we Ak tamyň işgärleriniň ony «beýleki beýik we asylly maksatlar üçin» ulanyp biljekdigini aýtdy.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogy-2026 çempionatynyň saýlama ýaryşynyň garşydaşlary belli boldy. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde türkmen zenan futbolçylary Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «C» toparçasyna düşdi. Toparçadaky saýlama oýunlar merkezleşdirilen görnüşde 23-nji iýundan 5-nji iýul aralygynda Mýanmada geçiriler. Jemleýji final ýaryşy yklymyň 12 iň güýçli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda Awstraliýada 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 21-nji martyna çenli geçiriler.
2. Kiýewde WWFC Ligasynyň täze möwsüminiň çäklerinde «World Warriors Fighting Championship» garyşyk başa-baş söweş sporty boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oktagonda Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň we Moldowanyň MMA söweşijileri duşuşdylar. 83,9 kg agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly Babageldi Halymow ukrainaly türgen Ýakow Anufriýew bilen bolan tutluşykda ýeňiş gazandy. Babageldi birinji raundyň dowamynda ýeňiş gazanmagy başardy.