Türkmen ýaşlary Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar

Türkmen ýaşlary Russiýanyñ hem-de Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ ýurtlarynyñ wekilleri bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-iñ Federasiýa geñeşiniñ Başlygynyñ orunbasary Inna Swýatenko Arkadag şäherinde geçirilen "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi" atly Halkara maslahatyndaky eden çykyşynda aýtdy.

Taslama ýeñijileriñ nesilleri bolan ýokary synp okuwçylaryñ 200-i gatnaşar. Gatnaşyjylar hakyda ýerlerine we ýadygärliklere baryp bilerler. Bu bolsa olara taryha hem-de Ýeñşiñ ähmiýetine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.

"Hakyda otlusy" atly taslama, däp boýunça, 22-nji iýunda Brestden badalga alýar. Taslama ilkinji gezek 2022-nji ýylda geçirildi, şol wagtdan bäri hem medeni hyzmatdaşlygyñ we ýaşlary terbiýelemegiñ möhüm bölegi bolup durýar.