
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi, boýalan wafli matasy, "BND 60/90" kysymly ýol bitumy we gurluşyk materiallary satyn alyndy
1-nji aprelde, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa, ýeñil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.
Gyrgyzystanyñ telekeçileri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri "Türkmennebit" Döwlet konserninden "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny, Dokma senagaty ministrliginden boýalan wafli matasyny satyn aldylar.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen türkmen telekeçileri gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 12 062 400 manada we 171 160 ABŞ dollaryna barabar bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.