
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Şeýle-de ol Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saudyň we Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasyna we Patyşa maşgalasynyň agzalaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň barşynda nebiti we gazy öndürmek, gaýtadan işlemek we olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.