Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti duşuşygyň başynda birek-biregi Oraza baýramy bilen gutladylar.

Myhman Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň salamyny we rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, onuň bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda we Olimpiýa hereketiniň ösüşine goşant goşmakda möhüm ädim boljakdygyny belläp, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň sporty ösdürmekde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, katar tarapyny Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadag Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda türkmen döwletiniň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirdi.