Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi Finlýandiýanyň “Nurminen Logistics” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi/TULM we Finlýandiýanyň logistika kompaniýasy “Nurminen Logistics Oyj”, 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi” atly işewürlik forumynyň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekdi.
Bu resminama, Türkmenistanyň, Finlýandiýanyň we beýleki Skandinawiýa ýurtlarynyň ulag we tranzit geçelgeleri arkaly halkara ýük gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Hyzmatdaşlyk, şeýle hem, maglumat alyşmagy, multimodal ýük gatnawy boýunça geňeşmeleri, demir ýol ulaglarynyň, howa we gara ýol ulaglarynyň hünärmenleriň, gözleg işgärleriniň gatnaşmagynda saparlary guramak we bilelikdäki seminarlary, leksiýalary we simpoziumlary guramagy öz içine alýar.