
Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saud bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Oraza baýramy bilen gutladylar.
Duşuşykda Emir Turki bin Muhammed Al Saud Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman bin Abdelaziz Al Saudyň we Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine Saud Arabystanynda ýokary baha berilýändigini belledi. Myhman Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň, onuň bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleriniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Patyşa maşgalasynyň agzalaryna salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ýangyç-energetika, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty hem-de oba hojalyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda belläp, bu ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle-de halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp, bu ugurda iki doganlyk halky ýakynlaşdyrmaga hyzmat etjek anyk işleri durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.