TNGIZT-de iki aýda 696 müň tonna barabar nebit gaýtadan işlenildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) şu ýylyň geçen iki aýynda 724,5 müň tonna golaý nebit çig maly gelip gowuşdy. Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 102,3 göterim amal edildi diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.

Gelip gowşan çig mal geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,5 müň tonna golaý köpdür. Çig malyň gaýtadan işlenilip, taýýar harytlyk görnüşine getirilen möçberi bolsa 696 müň tonna barabardyr. Taýýarlanylan awtoulag benzininiň jemi 221 müň tonna golaýyny taýýarlamak baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý eden gaýtadan işleýjiler kerosiniň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşlerini taýýarlamakda hem oňat netijeleri görkezdiler.

Bu ýerde geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 780 tonna polipropilen artyk taýýarlanyldy. Gaýtadan işleýjileriň ýangyç mazudyny taýýarlamagyň meýilnamasyna 203 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň tabşyrygyna 166 göterim hötde gelendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek.