
Türkmenistanyň DIM-inde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň täze sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2-nji aprelde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça täze sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda daşary işler ministri R.Meredow myhmany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze ugurlary babatynda pikir alşyldy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.
Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň we migrasiýa kanunçylygynyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.