TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah matasy we "BND 60/90" kysymly ýol bitumy satyn alyndy

3-nji aprelde, penşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri ýerlenildi.

Gyrgyzystanyñ telekeçileri Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri bilen nah matany satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 4 320 ABŞ dollaryna we 500 000 manada barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.