
Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky gullugy döredildi
Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky täze gullugy döredilip, ol Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri baradaky Baş müdirliginiň düzüminde hereket eder.
Degişli karara 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde RF-iň prezidenti Wladimir Putin gol çekdi.
Täze gullugyň başlygy hökmünde ozal baş prokuroryň orunbasary wezipesini eýelän Andreý Kikot bellendi. Täze düzümiň esasy wezipesi migrasiýa işini düzgünleşdirmekden hem-de migrantlar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün etmekden ybaratdyr.
Kararda hökümetiň üç aýyň dowamynda gullugyň döredilmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryň maliýeleşdirilmegini üpjün etmegi barada hem bellenilýär.
Gullugyň döredilmegi, esasan hem, migrantlar bilen baglanyşykly birnäçe ýagdaýlaryň ýüze çykanlygy sebäpli ýurtda migrasiýa syýasatyny gowulandyrmak zerurlygyna jogap boldy.
Wladimir Putin içeri işler edaralarynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň merkezi apparatynyň anyk işgärler sanyny bellemek boýunça pikirleri hödürlemegi; ministr Wladimir Kolokolsewe bolsa – resminamada göz öňünde tutulan guramaçylyk çäreleri geçirmegi tabşyrdy.