
Özbegistanda Ýewropanyň maýa goýum bankynyň sebit edarasy açylar
3-nji aprelde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Ýewropa geňeşiniň Prezidenti Antoniu Koştanyň hem-de Ýewropa komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýeniň gatnaşmagynda Özbegistanda Ýewropanyň maýa goýum bankynyň sebit edarasyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
1958-nji ýylda döredilen Ýewropanyň maýa goýum banky ÝB-niň möhüm maliýe instituty bolup durýar.
Daşkent şäherinde edaranyň açylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de Özbegistanda we tutuş Merkezi Aziýada “ýaşyl” ykdysadyýeti, innowasion senagaty hem-de häzirki zaman infrastrukturasyny ösdürmäge çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.