
“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “Galkynyş” ýatagynda bar bolan desgalara goşmaça 14 guýyny birikdirmek üçin ýerüsti işleriň ähli görnüşleriniň taslamasyny taýýarlamak we olary dolulygyna ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar.
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, “Türkmengaz” Döwlet konserni, Daşary ykdysady işler müdirligi, 17.24a otagy salgysy boýunça aşakdakylar teklip edilýär:
-
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň alyp barýan işewürligi (işiň esasy ugurlary, meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.), toplan tejribesi hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
-
Bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly. Bellik: bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy tender tölegleri amala aşyrylandan soňra berilýär.
Habarlaşmak üçin: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.
Orient Link: https://orient.tm/tm/post/83507/turkmengaz-dowlet-konserni-halkara-baslesigin-mohletini-uzaldyar