"TULM" AGPJ Russiýadan Owganystana ilkinji synag multimodal konteýner otly gatnawyny gurnaýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkmenistanyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolmak bilen, eksport-import we üstaşyr ýük gatnawlarynda öňdebaryjy milli logistika kärhanasy bolup çykyş edýär. Kärhana häzirki wagtda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmak işlerini üstünlikli dowam edýär.

2025-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistandan üstaşyr ilkinji kagyz önümleri ýükli synag konteýner otly düzümi Russiýa Federasiýasyndan ugrap, Gazagystan Respublikasynyň çäginden ýurdumyzyň Serhetýaka demir ýol geçelgesinden geçip, Etrek stansiýasy arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň Inçeburun stansiýasynda wagonlardan awtoulaglara geçirilip, multimodal görnüşde Owganystanyň Kabul şäherine ugradylýar.

Ýakyn gelejekde hem TULM açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly Etrek we Sarahs stansiýalarynyň döwrebap infrastruktura mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, ýükleriň Türkmenistanyň çäginden multimodal gatnawlarynyň möçberini artdyrar.