“Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Türkmenistanyň nebit önümçiligine goşandy artýar

Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözgüdini tapýandygyna güwä geçýär.

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medenidurmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öňe saýlanýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen iki aýynda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 179 müň 880 tonna barabar bolup, göz öňünde tutulan meýilnama 106 göterim amal edildi. Bu görkeziji gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan gymmatly çig malyň üçden birine golaýdyr. Müdirlik boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 müň 740 tonna «gara altynyň» artyk çykarylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlandyrylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.

Kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 65 million 980 müň kub metr tebigy gaz çykarmak baradaky meýilnama bolsa 135 göterime golaý amal edilipdir. Senagat taýdan özleşdirilip başlananyna geljek ýyl ýetmiş ýyl bolýan bu baýlyklar mesgeni tutuş Merkezi Aziýada iň uly nebitgaz ýataklarynyň biri hökmünde bellidir. Bu hazynalar käninde iş alyp barýan «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligi işe girizilen ilkinji gününden bäri ýer goýnundan «gara altynyň» çykarylýan möçberi boýunça tutuş ýurtda iň öňdäki orny eýeläp gelýär.

Ýeri gelende aýtsak, soňky bir ýarym asyra golaý wagtyň dowamynda umumy çykarylan türkmen nebitiniň deň ýarysyna golaýy hem şu baýlyklar ojagyna degişlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu hazynalar mesgeniniň şöhratly taryhyny dikeltmek, ony täze belentliklere götermek üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda dünýäniň iň bir kämil tehnologiýalarydyr desgalary, enjamlarydyr tilsimatlary önümçilige ornaşdyrylýar. Olaryň ählisi-de şu künjekden alynýan «gara altynyň» möçberlerini yzygiderli artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.