
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, 5-nji aprelde Özbegistanyň paýtagtynda açylan Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde saparda boldy.
Saparyň dowamynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini ýurduň parahatsöýüjilikli ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi.
Türkmen wekiliýeti şeýle hem Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy diýip, Mejlisiň web sahypasynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamalaryň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy Baýramgözel Myradowa Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde guralan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy.
Türkmen tarapy Forumyň dowamynda özüniň eden çykyşynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňliginiň üpjün etmek, ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak we olary goldamak babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada belledi. BMG we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021–2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylýan netijeler barada nygtaldy.