
Türkmen-belarus parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowany 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem taraplar parlamentler derejesinde gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm başlangyç bolup çykyş edýändigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler.