Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Türkmen metbugatynda çap edilen gutlag hatynda Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:

"Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynyň dowamynda tutan orazalarymyzy, eden doga-dileglerimizi, haýyr işlerimizi kabul etmegini hem-de adamlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dileýärin.

Ýurtlarymyza we halklarymyza, şeýle hem ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin."