Türkmenistanda 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim artdy

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.