
"Türkmentelekom" sanly hyzmatlar ulgamynda orunlaryny berkidýär
2025-nji ýylyñ üç aýynyñ dowamynda "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryñ ösüş depgini 122 % barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiñ baş direktory M.Çakyýew hökümet mejlisiniñ barşynda habar berdi.
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi aragatnaşyk, sanly tehnologiýalar, poçta aragatnaşygy we beýleki kommuniksiýa hyzmatlary babatynda utgaşdyryjy we ösüş boýunça işleri alyp barýar. Ol ýurdumyzyñ sanly transformasiýasynda, döwrebap telekommunikasiýa çözgütlerini ornaşdyrmakda hem-de ýetirilýän hyzmatlaryñ hilini ýokarlandyrmakda esasy orun tutýar.
Bütin ýurt boýunça giñ görnüşli telekommunikasiýa hyzmatlaryny üpjün edýän "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk Döwlet kompaniýasy Agentligiñ düzüminde aýratyn orna mynasypdyr. Soñky ýyllarda "Türkmentelekom" infrastrukturany işjeñ döwrebaplaşdyrýar, aragatnaşyk bilen üpjün edilýän zolagy giñeldýär, öñdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýar hem-de müşderilere ýetirilýän hyzmatlaryñ hilini gowulandyrýar.
Agentligiñ we onuñ düzümindäki edaralaryñ toplumlaýyn işi halkara standartlara laýyk gelýän netijeli, howpsuz we durnukly sanly aragatnaşyk ulgamynyñ döredilmegine gönükdirilendir. Görkezijileriñ durnukly ösüşi Türkmenistanda kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalar babatda işiñ ýokary derejede guralandygy barada şaýatlyk edýär. Şeýle-de, okañ: Türkmentelekom" EAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri üçin hünärmeni çagyrmak.