Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijelerini jemledi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi.
Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.