Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Düýn Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Dabaraly çäreleriň merkezi bölegi hökmünde paýtagtymyz Aşgabatda uly welosipedli ýöriş geçirildi. Bu ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy, bu barada TDH habar berýär.

Welosipedli ýöriş Aşgabadyň günorta bölegindäki Saglyk ýolundan başlap, paýtagtyň ajaýyp şaýollary - Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça dowam etdi. Çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekiller, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek - döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ähli şertler döredildi. Şäherlerde we sebitlerde häzirki zaman sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Arkadag şäherindäki we "Awaza" syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumlar hereket edýär.

Welosport diňe bir saglygy berkitmek üçin peýdaly bolman, eýsem ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda ekologiýa meselelerine uly üns berilýär - her ýyl bag ekmek çäreleri geçirilýär, tokaý zolaklary giňeldilýär.

Prezident Ministrler Kabinetiniň degişli orunbasarlaryna Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagy, paýtagty abadanlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistan saglygy goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlarynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň welosipedi ösdürmek boýunça başlangyçlary BMG Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalarda goldanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary derejeli halkara sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Ýöriş şäheriň merkezinde - Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň möhümdigini nygtady. Bu welosipedli ýöriş Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.