Türkmenistanda ilkinji gezek hil kepilligi boýunça halkara maslahat geçiriler

29-30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek «Halkara standartlaryna laýyklykda hil kepilligi» (QACIS 2025) atly halkara maslahat geçiriler. Forum çalt depginde ösýän sanly ykdysadyýet we artýan global bäsdeşlik şertlerinde halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Maslahatyň esasy maksady sertifikatlaşdyryş işlerini ösdürmäge höweslendirmekden we döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alşylmagyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

«QACIS 2025-iň» işine öňdebaryjy halkara derejeli hünärmenler hem-de ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstraliýa, Slowakiýa, Müsür, Mongoliýa we Gazagystan ýaly ýurtlardan abraýly halkara düzümleriň wekilleri gatnaşar. Çykyş edýänleriň hatarynda Bütindünýä Halal sammitiniň we «World Halal Expo 2025» sergisiniň guramaçylyk toparynyň başlygy, «World Halal Trust Group» (Özbegistan) guramasynyň baş direktory we esaslandyryjysy, «Control Union Quality LLC» kompaniýasynyň wekilleri, «Bureau Veritas» kompaniýasynyň Türkiýe boýunça ýolbaşçylary, SGS guramasynyň bilermenleri, şeýle hem «Global G.A.P.» we «OEKO-TEX» hünärmenleri bar. Olar sertifikatlaşdyrma we öňdebaryjy halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça tejribelerini paýlaşarlar.

Maslahata köp sanly wekil, şol sanda işewürligiň we döwlet edaralarynyň wekilleri, standartlaşdyrma hem-de sertifikatlaşdyrma ulgamlarynyň bilermenleri gatnaşar. Çäräniň dowamynda ISO 9001, ISO 22000, ISO 14001, ISO 45001 ýaly standartlary ornaşdyrmak, şeýle hem olaryň nebitgaz we gurluşyk pudaklary, azyk senagaty, saglygy goraýyş we ekologiýa ýaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda ulanylyşynyň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

«QACIS 2025-e» gatnaşyjylara ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklaryny (B2B we B2G) geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik dörediler, bu bolsa global bäsdeşlik şertlerinde zerur gatnaşyklary ýola goýmaga we işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin täze hyzmatdaşlary tapmaga ýardam berer.

Guramaçylar ähli gyzyklanma bildirýän taraplara işewürligi ösdürmek we halkara bazarynda hödürlenýän önümleriň hem-de hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin täze gözýetimleri açjak bu möhüm çärä gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirmezligi maslahat berýärler.

Goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky salgylara ýüz tutumagyňyzy haýyş edýäris:

  • telefonlar: (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88;
  • elektron poçta: qacis@turkmenexpo.com;
  • web-saýt: qacis.turkmenexpo.com.