
Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Türkmenistanda saparda boldular
Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) bilermenleri Daşgyn Aliýew we Žaýdar Inkerbaýew Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezi üçin Strategiki meýilnamasyny taýýarlamakda tehniki kömek bermek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine baryp gördüler.
Merkeziň okuw işiniň guralyşy bilen tanşyp, BGG-niň wekilleri gümrük baradaky bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu babatda olar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde gümrük hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin Sebitleýin okuw merkeziniň ähmiýeti barada bellediler.
Daşgyn Aliýew we Žaýdar Inkerbaýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny we okuw sapaklaryny geçirdiler.