
Türkmenistanda üç aýda halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi
Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda daşary syýasat boýunça sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurtda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 5-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi.
Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.
Hasabatda ýanwar aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Aşgabada iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.
Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurduň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.