Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada UNECE-niň we UNCTAD-iň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

8-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) öňde boljak 71-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary öz içine almak bilen Türkmenistan bilen UNECE-iň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Şol gün Türkmen wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar durnukly ykdysady ösüş, söwda mümkinçiliklerini, sanly üýtgeşmeleri, maýa goýumlary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistan bilen UNCTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meselelere garadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Duşuşyklaryň dowamynda Tatýana Molçana we Rebeka Grinspana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma gatnaşmak üçin ýollanan resmi çakylyk haty gowşuryldy.

UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary we UNCTAD-yň ýolbaşçysy çakylyk üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler we durnukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistanyň aýratyn orna eýedigini bellediler.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisi 9–10-njy aprelde Ženewadaky Milletler Köşgünde geçiriler.