
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti ýakynda Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti iş saparynyň çäklerinde ilki bilen Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen bolan duşuşygynda saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak tagallalarynyň we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gymmatlygyna laýyk gelýän ýörelgeleri ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi barada aýdyldy.
Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monakoda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete bolan saparynyň çäklerinde bu babatdaky meselelere-de garaldy.