
Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçirildi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
TDH-niň teswirleýşi ýaly, geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu iki günlük forumyň şu ýyl möhüm senä — Bütindünýä saglyk gününe gabat gelendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, türkmen-german forumyny yzygiderli esasda geçirmek başlangyjy, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Gahryman Arkadaga we hormatly Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdi.
Şu gezekki forumyň maksatnamasy çaga kesellerini bejermegiň döwrebap usullary, çaga rewmatologiýasy, süňk ýiliginiň transplantasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri, onkologiýa keselleri bilen kesellänleri bejermek we psiho-sosial goldaw bermek, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Bu ugurlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Türkmenistan we halkara lukmançylyk bileleşigi üçin wajyp ähmiýete eýedir.
Germaniýaly hyzmatdaşlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde başlangyçly çemeleşmesi hem-de bildirilýän uly ynam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça täze çemeleşmeleri gözlemek babatda netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Germaniýaly hünärmenler ýola goýlan dialogy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen toplan tejribelerini, täze ylmy-amaly işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.