Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Denizçi” futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy.

Çempionatyň jemleýji tapgyrynda “Deňizçi” toparynyň futzalçylary “Migrasiýa” toparyny 5: 2 hasabynda ýeňip, jemi 52 utuk toplady. Şeýlelikde, "Deňizçi" Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" toparyndan 1 utuk öňe saýlandy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 40 utuk bilen çempionatyň bürünç medalyna eýe boldy.

Şeýlelikde, "Deňizçi" futzal topary 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Futzal federasiýasynyň Çempionlar ligasynda oýnamaga mümkinçilik aldy. 2009-njy ýyldan bäri çempionata gatnaşyp gelýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzalçylar toparynyň milli çempionatda gazanan dördünji ýeňşidigini bellemelidiris.

Ondan öň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň topary 2015, 2021 we 2022-nji ýyllarda şeýle üstünlikleri gazanypdy.

Topara 2011-nji ýyldan bäri baş tälimçi hökmünde Ýakup Öwezow ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda "Deňizçi" 2014 we 2018-nji ýyllarda milli çempionatda iki kümüş, 2012, 2019 we 2020-nji ýyllarda üç bürünç medal, şeýle hem 2016 we 2018-nji ýyllarda iki gezek Türkmenistanyň Kubogyny we 2019-njy ýylda hem ýurduň iň esasy ýaryşynyň baş kubogyny gazandy.