Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Olimpiýa raýdaşlygynyň Forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.

Çäre Bahreýn döwletinde 2025-nji ýylyň üçünji Aziýa ýaşlar oýunlaryny, 2026-njy ýylda Er-Riýad şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny, 2026-njy ýylda Aiçi we Nagoýa ýapon şäherlerinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Günbatar we Merkezi Aziýanyň 22-den gowrak döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň (MOK) wekillerini ýygnady.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Halkara olimpiýa komitetiniň maksatnamalaryny hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgenleriň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Açylyş dabarasynda Täjigistanyň sport ministri Zulfikor Gulahmadzoda çykyş edip, bu forumyň netijeleriniň täze üstünlikler we Olimpiýa hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretjekdigine ynam bildirdi.

Forumyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sporty ösdürmek hem-de bu ägirt uly halkara çäresine gatnaşyjy-wekiliýetleriň arasynda dostlugy pugtalandyrmak maksady bilen “Dostlukly ylgamak” çäresi (“Fun Run”) geçirildi.

Forumyň birinji tapgyry Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Thimphu şäherinde (Butan) geçirildi.