
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýada geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna garaşylýar
13 – 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýada saparda bolar. Döwlet Baştutany saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar. Şeýle-de Ýaponiýanyň Imperatory we Premýer-ministri bilen duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar diýip, Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasy maglumat berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyrjak sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka öwrüler.