
Tbiliside Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan brifing geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Brifinge «1tv», «Obieqtivi» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media-holdinginiň, «GeorgiaPress» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» internet neşiriniň, «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň Baş redaktorlary hem-de «Geocase» gruzin seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçihanasy habar berdi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow ýygnanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, ysnyşykly we netijeli gatnaşyklary, özara düşünişmeleri berkitmäge hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetmäge saldamly goşant goşýandygy aýratyn belledi.
Brifingiň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemlerine hem seredilip geçildi. Ýokary derejeli saparlaryň türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde wajyp orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Ilçi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek uly gerimli halkara çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanyp taýýarlanan ýörite wideorolik görkezildi.