Türkmenistan Çelýabinskden köprileriň gurluşygy üçin tehnikany import edip başlar

Çelýabinskiň kompressor zawody (ÇKZ) Türkmenistana kompaniýanyň köprileriň we ýollaryň gurluşygy boýunça kompressor desgalaryny getirer. URA.RU saýtynyň habar bermegine görä, kärhananyň wekilleri türkmenistanly mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýdular.

“Ýollaryň we köprileriň gurluşygy boýunça rus kompaniýasy arkaly Türkmenistana kompressor desgalary ýükläp ugradýarys. Işewürlik syýahatymyzyň dowamynda ýerli alyjylar bilen göni aragatnaşyklar ýola goýuldy” – diýip, URA.RU saýtyna eksport satuwlaryň ösüşi boýunça ýolbaşçysy Artýom Truskow habar berýär.

Saparyň dowamynda zawodyň wekilleri öz önümi barada gürrüň berip, türkmen tarapyny hödürlenýän nomenklatura bilen tanyşdyrdylar. ÇKZ-niň dürli pudaklar üçin tehniki çözgütleri bar.

Türkmenistanda çelýabinsk kompressorlaryna bolan gyzyklanma ýurduň nebitgaz, dokma we gurluşyk senagaty üçin enjamlar zerurlygy bilen baglanyşykldyr. Truskow geljekki meýilleriň wekilhanany giňeltmek we göni üpjünçilik mümkinçiligini, has ýakyn söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öz içine alýandygyny belledi.