
TDHÇMB: Owganystanyň telekeçileri Türkmenistandan nebit önümlerini satyn aldylar
Penşenbe güni, 10-njy aprelde Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň döwlet kompaniýalary bilen dürli nebit önümlerini satyn almak barada şertnama baglaşdylar. «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» konsernleri bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde «ТС-1» uçar ýangyjy, «BND 60/90» görnüşli ýol bitumy, «ECO-93» awtobenzin we «SN-600» binýatlyk ýagy iberiler – diýlip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde, içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» konserni bilen «TPP D 30 S» görnüşli polipropileni satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Jemi söwdalaşyklaryň barşynda 10 million manat we 13,1 million amerikan dollary möçberinde 6 geleşik baglaşyldy.