Özbegistan bilen Eýran Türkmenistanyň üstünden awtoulag ýük gatnawyny dikelder

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy. Bu ugurdaky mümkinçilikleriň giňelmegine Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça awtoulag ýük gatnawlarynyň dikeldilmegi, “Çabahar” portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy we harytlaryň ýurda girizilmeginiň we üstaşyr geçirilmeginiň ýeňilleşdirilmegi ýardam berer. Bu barada Özbegistanyň baştutanynyň internet-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň netijesi boýunça ulag ulgamyny goşmak bilen, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 18 resminama, şol sanda – “Çabahar” portunyň üsti bilen halkara üstaşyr ýük gatnawlaryny amala aşyrmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Eýranyň Prezidenti Ybraýym Raisi 14-nji sentýabrda resmi sapar bilen Özbegistana geldi. Şeýle hem, ol 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek ŞHG sammitine gatnaşar.