Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanylar

Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary dörediler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hasabat berdi.

Geçirilýän işler Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli maksatnama işlenip taýýarlanylanda halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.